Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1363

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde bolan duşuşygy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmäge iki tarapyň hem çalyşýandygynyň we taýýardygynyň tassyklanandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.