Ï GDA-nyň weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşi mejlisini Aşgabatda geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşi mejlisini Aşgabatda geçirdi

view-icon 1166
GDA-nyň weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşi mejlisini Aşgabatda geçirdi

Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň weterinariýa pudagyndaky Hökümetara Geňeşiniň 46-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Geňeş agzalary we Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, esasy guramalaryň ygtyýarly wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili gatnaşdy.

Çäräni Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew çykyşy bilen açdy. Weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşiň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň başlygy Döwlet Nuryýew saýlandy.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlarda oba hojalyk mallarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaý barada maglumat berdiler we epizootik aman-esenligi üpjün etmäge degişli köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, 2030-njy ýyla çenli döwürde mallaryň we guşlaryň aýratyn howply keselleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketler toplumynyň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň netijesi boýunça weterinariýa hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we maldarçylygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm kararlar kabul edildi. Gol çekilen resminamalaryň durmuşa geçirilmegi maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga we GDA ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşar.

GDA-nyň weterinariýa pudagynda Hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynda geçirilmegi bellendi.