Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

view-icon 2574

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size batyrlygy, duýgurlygy, akyllylygy bilen tapawutlanyp, mähriban halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmekde alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biridir, merdana halkymyzyň göz guwanjy, genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Eýesine wepadar, örän hüşgär, batyr hem-de gaýduwsyz alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhraty barha artýar.

Hormatly itşynaslar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Eziz Diýarymyzda bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleri guruldy. Bu bolsa itşynaslarymyza döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmak üçin giň şertleri döretdi.

Häzirki wagtda türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça köp işler geçirilýär. Biz geljekde-de itçilik pudagyny ösdürmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris.

Hormatly itşynaslar!

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlarymyz halkymyzyň köňül guwanjydyr.

Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaý itlerimizde güýçlüligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanyny görüpdirler. Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes ojaklaryň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjydyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi Garaşsyz ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.