Ï Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

view-icon 2687
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin assosiasiýanyň çäginde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan forumlara hem-de köp sanly çärelere gatnaşmak, ozaly bilen, şöhratly alabaýlaryň taryhy watanynda bolup görmäge, türkmen hünärmenleri bilen, şol sanda bu täsin tohumyň genofondyny saklamak boýunça tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrýar, itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik talaplar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar.

Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda alabaýlar ösdürilip ýetişdirilipdir we häzirki wagtda olar öz aýratynlyklary bilen umumadamzat mirasyna öwrüldi. Alabaýlar tutuş dünýäde meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Alabaýlar hem ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr, milli gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip çykyşyny, häzirki günlere gelip ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigini, onuň kinologlar we birnäçe ugruň hünärmenleri, giň okyjylar köpçüligi üçin aýratyn gymmatlydygyny nygtadylar. Alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini guramak Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini, wepadarlygyny giňden dünýä ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra ýöriteleşen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we dowam etdirmek hem ileri tutulýan wezipe bolup durýar.

Ýygnananlar türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Ulugdepede iş alyp barýan Türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Julio Bendezu Sarmiento çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak ugrundaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Alym tohumyň ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, onuň arassa ganlylygyny saklamagyň, baş sanyny köpeltmegiň meseleleri boýunça esasy ugurlaryň kesgitlenilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady. Fransuz alymy türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň bu ajaýyp tohumyň arassa ganly wekilleriniň geljek nesiller üçin genofondyny saklamak hem-de sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra assosiasiýanyň agzalary — Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň professory Murat Kibar hem-de Hytaý — Türkmenistan medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, hususy itşynas An Jin Long sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Şunda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine uly goşant goşup gelýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işine geljekde-de işjeň gatnaşmaga we türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Türkiýäniň we Hytaýyň wekilleri türkmen halkynyň taryhy mirasyny öwrenmek bilen bir hatarda, itşynaslygyň baý milli däplerini gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga, bu tohumy geljekde has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen assosiasiýanyň işine berilýän aýratyn üns üçin hoşallyk bildirdiler.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, hususy itşynaslaryň çykyşlarynda alabaýlaryň müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemrasy bolmak bilen, diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, batyrlygyň, çäksiz wepadarlygyň hem nusgasyny görkezendikleri bellenildi. Şoňa görä, ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeledi.

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde uly hyzmatlary bitiren itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik, sergiler we maslahatlar guralýar. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly esaslandyryldy. Nygtalyşy ýaly, ata-babalarymyz mertligi, edermenligi, batyrlygy we wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu tohumyň arassalygyny saklamak, täze ugurlary döretmek, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ylmy-seçgiçilik işlerini alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Itşynaslar assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri hem-de baý medeni mirasymyzyň bir bölegi hökmünde milli itşynaslyk sungatynyň däplerini gorap saklamak babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de bu asylly işe öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan Mariýa Haýrullina we Ýekaterina Salimgaraýewa sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň birnäçe ugurlar boýunça ýaryşlarda çempion bolmagy alabaýlaryň genetiki hem-de düşbülik taýdan örän güýçlüdigini görkezýär.

2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan Akdost atly türkmen alabaýynyň halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanandygy baradaky habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidentine Russiýada geçirilen bäsleşiklerde bu alabaý itiniň mynasyp bolan şahadatnamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň baý mirasy aýawly saklanylýar we oňa sarpa goýulýar. Beýleki milli gymmatlyklar ýaly, türkmen alabaýy hem dünýäde şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň gözellik, dostluk, söýgi baradaky garaýyşlarynyň netijesidir. Ata-babalarymyz çydamlylygy, aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar.