Ï Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1142

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň dostlukly halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.