Ï Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

view-icon 2821
Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda guralýan bu döredijilik çäresi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda möhüm ädimdir.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat bermegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň wekilleri bolan meşhur nusgawy şahyrlardyr akyldarlar bilen bir hatarda, ady rowaýata öwrülen ermeni şahyry we kompozitory Saýat Nowanyň heýkeliniň oturdylandygy bellärliklidir.

Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar.

Konserte gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny düzýän köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde halklarymyzyň baý taryhyny, medeniýetini öwrenmek boýunça köp ýyllardan bäri bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň alymlarynyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Türkmen nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda giňden bellenilýär.

Çärä gatnaşyjylar parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk, medeniýeti we sungaty ösdürmek syýasatyny alyp barýandyklary üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra, dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna halk sazlary we aýdymlary, nusgawy, estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Kino sungatynyň muşdaklaryna ermeni kinematograflarynyň dürli ýyllarda surata düşüren kinofilmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin “Aşgabat” kinoteatrynda we “Watan” kinokonsert merkezinde kinofilmleriň görkezilişleri guraldy.

Ermenistandan gelen myhmanlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerleri, muzeýleriň täsin gymmatlyklary bilen ýakyndan tanşarlar.