Ï Orkestriň sazandalary synagdan üstünlikli geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orkestriň sazandalary synagdan üstünlikli geçdiler

view-icon 1736
Orkestriň sazandalary synagdan üstünlikli geçdiler
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirilen ýaş ýerine ýetirijiler festiwalynyň çäklerinde Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň konserti boldy.

Kamera orkestrinde 20 sazanda bar. Olaryň aglabasy – birinji ýyldan başlap, uçurymlara çenli talyplardyr, ýöne olaryň arasynda ýaş mugallymlar-da bar. Konserwatoriýadaky okuwy orkestrde çykyş etmek bilen utgaşdyrmak ýeňil bolmasa-da, kamera orkestriň hataryna düşmek ýaş sazandalar üçin has abraýly wezipe.

Kamera orkestriniň düzümi her ýyl täzelenýär: konserwatoriýany tamamlan talyplar, düzgüne görä täze iş ýerlerine gidýärler, olaryň ornuna bolsa zehinli birinji ýyl talyplary alynýar. Kamera orkestriniň ýaş ýerine ýetirijiler festiwalyna gatnaşmagy Tahyr Ataýewiň özi üçin hem özboluşly bir synag bolup durýar.

Orkestriň ýolbaşçysynyň dirižýor taýajygyny galdyranyndan kiçi zal kamera saz gurallarynyň jadylaýjy owazyna doldy. Tomaşaçylar üçin Isaak Şwarsyň «Peterburgda gijeki gezelenç», Feliks Mendelsonyň «Aýdymyň ganatlarynda», Antonio Wiwaldiniň «Gyş», Kara Karaýewiň «Aýşanyň tansy» we beýleki eserler ýaňlandy.

Tomaşaçylar kamera orkestriniň sazandalarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlap, olaryň sazandarlyk we ussatlyk ukybyny bellediler. Ýaş sazandalar synagdan üstünlikli geçdiler.