Ï Türkmenistanyň wekilleri Almatyda geçirilýän sebit forumyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Almatyda geçirilýän sebit forumyna gatnaşýarlar

view-icon 1614
Türkmenistanyň wekilleri Almatyda geçirilýän sebit forumyna gatnaşýarlar

Sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanan «Merkezi Aziýanyň durnukly geljeginde ýaşlaryň orny» forumy Almatyda öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Forum Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň sebit başlangyjynyň çäklerinde guraldy. Ol Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizme garşy göreşmegiň usuly hökmünde durnukly bileleşikleriň kemala gelmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. «Merkezi Aziýanyň durnukly geljeginde ýaşlaryň orny» forumy ýaşlaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrülip, täze endikleri ösdürmek üçin başlangyçlaryň ähmiýetini nygtady.

Forumyň esasy mejlisi zorlukly ekstremizmiň öňüni almagyň möhüm strategiýasy hökmünde ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine bagyşlandy. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we hususy pudagyň ýaşlaryň telekeçiligini hem-de iş bilen üpjünçiligini ösdürmekde berýän goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar.