Ï Alabaý hakda suratly hekaýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alabaý hakda suratly hekaýalar

view-icon 973
Alabaý hakda suratly hekaýalar
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde «Alabaý – wepaly dost we ýaran» atly çekilen, reňksiz we fotosuratlaryň sergisi açyldy.

Sergi Oraznabat Hommadowanyň sergä gelenleriň hiç birini biperwaý goýmadyk «Wepaly dost» atly bezeg işi bilen açyldy. Oraznabat alabaýyň şekilini birgiden kagyz böleklerinden ýasapdyr, munuň netijesinde ol janly alabaý ýaly duýulýar.

Onuň ýanynda Maýa Toýlyýewanyň «Dostlar» atly eseri ýerleşdirilipdir. Maýa kubizm uslybynda oýnap duran üç sany alabaý güjügini şekillendiripdir. Surat açyk reňkleri we oýna gyzygan ajaýyp jandar bilen ünsi özüne çekýär.

Köp suratkeşler öz işlerinde ýakymlylygy bilen maýyl edýän owadanja alabaý güjüklerini görkezdiler. Adatça, bu – güjüjek topary. Olaryň, dawa turuzman, bilelikde parahatlykly wagt geçirýändikleri bellärliklidir, sebäbi alabaýlar örän göwnaçyk bolýar.

Eýsem-de bolsa, serginiň mowzugy «Alabaý wepaly dost we ýarandyr», şonuň üçin suratkeşleriň aglabasy alabaýyň daşky özüne çekijiligi bilen çäklenmän, onuň hökmany suratda boljak ýerine obalara gidipdir. Oba adamlarynyň alabaý bilen çyn ýürekden dostlugyna güwä geçýän gatnaşygy işleriň köpüsinde şekillendirilipdir.

Gülöwser Hojanepesowa sergä «Iki dost» atly suratyny hödürläpdir. Oglanjyk öz dosty alabaý bilen uzynly gün ylgap-oýnap, ýadawlykdan ýerde gyşarýar. Gijeki asman we Aý yşygynda ygşyldaşýan meýdan gülleri suratyň gözelligini has-da nygtaýar.

Ýatdan çykmajak suratlaryň biri-de Yhlas Allanazarowyň «Çopanlar» işidir. Suratda alabaýyň we çopanlaryň sürä hüjüm eden möjekleri koalaýan dartgynly pursady şekillendirilýär. 

Türkmen suratkeşleri Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli alabaýlar hakynda suratly hekaýalary taýýarlapdyrlar. Ondan sergä gelenler hakyky lezzet aldylar.