Ï Wepalylygyň we edermenligiň nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wepalylygyň we edermenligiň nusgasy

view-icon 853
Wepalylygyň we edermenligiň nusgasy

Öňümizdäki ýekşenbe gününiň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet guramalary gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň dosty we goragçysy bolup gelýän bu itiň gadymy gelip çykyşy we ajaýyp aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan dürli çäreleri geçirýärler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölümi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «tegelek stol» başynda «Türkmen alabaýy – edermenligiň we merdanalуgyň nusgasy» atly duşuşyk gurady.

Çärä Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, kitaphananyň tejribeli işgärleri we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdy. Olar alabaý itleri barada milli gymmatlyk hökmünde söhbet etdiler we ony gorap saklamak hem geljek nesillere ýetirmek üçin biziň ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini aýtdylar. Çykyş edenler alabaýyň akyllydygyny, çydamlydygyny, gaýduwsyzdygyny, eýesine we maşgala wepalydygyny bellediler.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri Aşgabat teleýaýlymynyň žurnalistleri bilen bilelikde «Arkaç» medeni we dynç alyş merkezinde ýaş okyjylar bilen duşuşyk gurady. «Wepalylygyň we mertligiň nusgasy» atly çärede çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan gyzykly maglumatlar we taryhy hakykatlar, duýgurlygy, akyly, gorkmazlygy we adama çäksiz wepalylygy bilen tapawutlanýan bu gadymy it tohumynyň özboluşlylygy barada gürrüň berildi. Nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistanda alabaýlary gorap saklamak we köpeltmek, şeýle hem şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar.