ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) bilen bilelikde Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy tarapyndan gurnalan «The Planet of Art-2024» halkara ýaşlar festiwalyna 30-dan gowrak ýurtdan ýaş zehinler gatnaşdylar.
Çäräniň möhüm tarapy ýaşlary medeni we tebigy dürlüligi gorap saklamak, durnuklylyk hem-de ähmiýetli meselelerini öwrenmeklige çagyryş bilen ýüzlenme çäräniň möhüm ugry boldy.
Festiwalyň jemleýji tapgyrynda 3 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylar «ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy» temasyndan žiwopis, fotosurat, heýkeltaraşlyk we amaly-bezeg sungaty ýaly üç ugurdan döredijilik taslamalaryny hödürlediler.
Emin agzalarynyň garamagynyň jemi boýunça ýeňijiler yglan edildi, olaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bar. Olar – Daşoguz şäherindäki iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selbi Rüstemowa we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň okuwçysy Gülnabat Annanurowa.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 26-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Merkezi Döwlet muzeýinde (Almaty şäheri) geçirildi. Dabaranyň çäklerinde taslamanyň aýgytlaýjy tapgyryna gatnaşanlaryň we ýeňijileriniň işleri görkezildi, soňra ýaş suratkeşlere Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle hem medeni-bilim maksatnamasynyň çäklerinde festiwalyň ýeňijileri Gazagystanyň öňdebaryjy mugallymlary we sungat işgärleri bilen ussatlyk sapaklaryna hem-de türgenleşiklerine gatnaşdylar, bu bolsa olaryň şahsy we hünär taýdan ösmegi üçin özboluşly mümkinçilikdi.
«The Planet of Art-2024» halkara ýaşlar festiwalyna gatnaşyjylaryň işleri «Bütindünýä mirasy sungaty» tematiki albomyna giriziler. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki edarasynda bu festiwalyň ýeňijileriniň eserleriniň sergisi meýilleşdirilýär.