Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda geçirilen sanitariýa we epidemiologik gözegçilik boýunça maslahata gatnaşdy.
Maslahat epidemiologik gözegçiligi we ýokanç kesellere gözegçilik etmegi netijeli durmuşa geçirmek üçin pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Maslahat Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen bilelikde geçirildi.
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede gatnaşyjylar häzirki möhüm epidemiologik ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar, jemgyýet saglygyna abanýan howplara garşy taýýarlygy ýokarlandyrmaga hem-de strategiýalary işläp taýýarlamaga goşant goşdular.