Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanda ösýän we gadym döwürlerden bäri tebipçilikde ulanylýan derman ösümlikleriniň baý dünýäsi barada gürrüň berdiler. Olaryň ylmy taýdan öwrenilmegine we halk tebipleriniň tejribesiniň umumylaşdyrylmagyna ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow uly goşant goşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan döredilen dermanlyk ösümlikleriň ylmy-ensiklopedik eseri biziň ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän alymlar we hünärmenler üçin maglumat kitaby bolup hyzmat edýär, onuň köp daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bolsa onda jemlenen özboluşly maglumatlary millionlarça daşary ýurt okyjylary üçin elýeterli etdi. Onda ýerli dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşleri, kökleri we miweleri, olaryň dermanlyk häsiýetleriniň jikme-jik beýany, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary we türkmen halky tarapyndan ulanylyşynyň köp asyrlyk tejribesi hem däpleri barada maglumat jemlenendir.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildiniň esasyna häzirki döwürde-de giňden ulanylýan tebigy dermanlary ulanmak bilen nesilden-nesle geçip gelýän halkyň bejeriş tejribesiniň goýlandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň melhemlik häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli ensiklopediýanyň döredilmegi diňe bir milli farmasewtika ylmynyň ösmeginde däl, eýsem, dünýä tebigy lukmançylygynda-da möhüm ädim boldy. Çärä gatnaşanlar, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkyň saglygy we abadançylygy barada yzygiderli aladalary öz içine alýan täze eserlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdylar.