29-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda milli hünärmenleriň arasynda metbugat sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ÝHHG-niň iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Maslahata halkara hünärmenler Adil Jalilow, Duman Smakow we Iwan Peçişew gatnaşdy.
Maslahat ÝHHG-niň «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam etmek» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Çäräniň esasy maksady türkmen hünärmenleriniň metbugat sowatlylygy babatda mümkinçiliklerini berkitmek, maglumatlary netijeli seljermäge we olaryň takyklygyny barlamaga kömek etmekdir. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata russiýaly bilermen Iwan Peçişew goşuldy, ol öz çykyşynda metbugat ulgamynyň möhüm taraplary, wajyp meseleleri we metbugat sowatlylygyna häzirki zaman çemeleşmeleri barada gürrüň berdi. Ol diňe maglumatlaryň elýeterliligi däl, eýsem, oňa tankydy baha bermek başarnygynyň hem zerurdygyny aýtdy.
Halkara bilermen Adil Jalilow çykyşynda metbugatda ýalan maglumatlaryň ýaýramagyna garşy göreşe we olaryň dogrulygyny barlamak üçin ulanylýan dürli delil barlag gurallaryna ünsi çekdi. Tehnologiki, ykdysady we durmuş meselelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýän habar beriş serişdelerinde hem-de maglumat sowatlylygynda beýleki ýurtlaryň tejribesine hem garaldy.
Duman Smakow häzirki wagtda metbugat we maglumat sowatlylygynyň diňe bir tehnologiýalara erk etmegi däl, eýsem, tankydy pikirlenmäni, hünär we jemgyýetçilik işlerinde many almak hem-de maglumata düşünmek başarnygyny hem öz içine alýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu jemgyýetiň ähli gatlaklary üçin esasy endige öwrülýär.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar ählumumy üýtgeşmeler şertlerinde milli KHBS-niň işini kämilleşdirmegiň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanda metbugat sowatlylygynyň ösmegine we ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyna goldaw bermekde ÝHHG-niň goşandyny görkezýän şahadatnamalar gowşuryldy.