2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebinde türkmen we täjik ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärede Ilçi A.Goçmyradow, Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti K.Huşwahtzoda, Täjigistan Respublikasynyň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Etika boýunça komissiýanyň Başlygy F.Barotzoda, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, ýazyjy, terjimeçi we dramaturg A.Hamdam çykyş etdiler. Döredijilik agşamyna Täjigistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatlar hem gatnaşdylar.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, geçirilýän şeýle çäreleriň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ösýän medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup çykyş edýändigini bellediler.
Döredijilik agşamynyň çäginde beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary we häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri görkezilişe çykaryldy.