Ï Türkmen manady — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen manady — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

view-icon 1947
Türkmen manady — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen, orta we uzak möhletlere niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, ipoteka karzlaşdyrylyşyny ösdürmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we türkmen telekeçileriniň maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm, strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberini artdyrmak ykdysady ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Daşary ýurtlar bilen maliýe borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça halkara söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan bu ulgamda öňe sürlen başlangyçlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maýa goýum işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň abraýly maliýe edaralary tarapyndan birnäçe gezek tassyklanandygyny nygtamak gerek.

Maslahata gatnaşyjylar netijeli dialogyň, ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ýollaryny gözlemegiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň esasy bolup durýandygyny bellediler. Bank ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýaşlara döwrebap bilim bermek we geljekki ykdysatçylary ýetişdirmek babatda-da ähli mümkinçilikler döredilýär.

Maslahata gatnaşyjylar bu ulgamyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, türkmen manadynyň töleg serişdesi hökmünde işjeň dolanyşygyny üpjün etmegiň, iri dünýä banklarynyň tejribesini özleşdirmegiň, maliýe ulgamynda halkara dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şanly sene mynasybetli “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň eýwanynda sergi guraldy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik teňňeler, milli şaý-sepler görkezildi.