Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine

view-icon 2524

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen birlikde, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan uly üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki döwürde gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Senagat toplumy halk hojalygynyň öňbaşçysy bolmalydyr, çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde milli senagaty ösdürmek, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryna maýa goýumlary gönükdirmek esasynda täze, döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak hem-de ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, önümçilige sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly sanly, innowasion tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Bu işleriň ählisi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ykdysadyýetiň iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalary Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Häzirki döwürde kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri kärhanalar gurulýar. 2024-nji ýylda Lebap hem Bäherden sement zawodlarynyň hersi ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement öndürmäge ukyply bolan ikinji tapgyrlary işe girizildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika pudagy möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlara ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagaty hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda gurluşyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurulmagy we onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalardyr binalar, Diýarymyzyň paýtagtynda, welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi Diýarymyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.

Hormatly gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden we dabaraly bellenilýän gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.