Ï Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

view-icon 2131

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda iri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy belent derejelere ýetdi. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly adamlar!

Türkmenistanda sport babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ygtybarly esaslary ýola goýuldy. Bu ugurda 60-dan gowrak döwlet bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar saklanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy. 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. 24-nji maýda bolsa Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylygyň, dostlugyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine goşandy bolup, halkara guramalar bilen gatnaşyklary we bilelikdäki hereketleri has-da giňeltmäge uly itergi berer.

Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi Aşgabadyň dünýä derejesindäki ýaryşlary nusgalyk derejede gurap bilýän şäherdigini doly subut etdi. 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň mejlisinde Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berildi. Ykbalyny sporta baglan türgenlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda hem ata Watanymyzyň sport abraýyny belende göterip, watansöýüjiligiň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» öňümizde täze wezipeleri goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getirmek üçin ähli şertleri dörederis. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Şoňa görä-de, dürli ýaryşlarda ajaýyp üstünlikleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!

Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.