Ýurdumyzda her ýyl ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Hasyl toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bol hasyl – halkyň rysgal-berekedi» ady bilen giň göwrümli sergi guraldy.
Bereketli türkmen topragynda önýän oba hojalyk önümlerini teswirleýän bu serginiň açylyş dabarasyna ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ussat kärendeçi daýhanlar we dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Açylyş dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, ýerden bol hasyl almaklyk üçin döredilýän giň şertler, döwletimiz tarapyndan oba adamlaryna goýulýan belent sarpa barada çykyşlar edilip, rysgal-bereketli eşretli zamanamyz üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çuňňur mazmunly çykyşlardan soňra, bu ýere ýygnananlar sergide ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri we beýleki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Sahawatly türkmen topragyndan önýän milli baýlygymyz bolan pagtanyň we ondan önýän önümleriň, esasy azyklyk ekini bolan bugdaýyň we beýleki däneli ekinleriň, gök we bakja önümleriniň, şeýle hem gadymy oba hojalyk gurallarynyň sergide ýerleşdirilmegi bu ýere ýygnananlary rysgal-bereketli türkmen dünýäsine seýle çykardy.
Keremli türkmen topragynyň sahawatyny, ene ýer bilen bagry badaşan türkmen daýhanynyň tutanýerli zähmetiniň miwelerini özünde jemleýän giň göwrümli sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rysgal-bereketli sahawatly keşbini emele getirip, sergini guraýjylaryň – welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.