Ï Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi

view-icon 148
Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi
camera-icon
Hasan Magadow

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, şeýle hem bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarynda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmeginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 – 2027-nji ýyllar üçin saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şunuň bilen bir hatarda, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek.

Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ir säher bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki meýdança geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny synlady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz batly gadamlar bilen Saglyk ýolunda ýörişe başlady. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem talyp ýaşlar ýörişe goşuldylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saglyk ýolundan halk köpçüligi bilen bilelikde geçmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

...Bu ýerden türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly ajaýyp heýkeli alyslardan seleňläp görünýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Köpçülikleýin ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowdan alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talaba laýyk ideg etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri we sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Sport Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adamyň paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

Şeýle hem şu gün, Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. 

Çäräniň dowamyna Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça şu gün guralan ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

Soňra köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sylaglara mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de dünýäniň sport giňişliginde ata Watanymyza mundan beýläk-de mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynandyrdylar.