Ï Arkadag şäherinde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

view-icon 2193
Arkadag şäherinde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň milli puly bolan manadyň dolanyşyga girizilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda möhüm seneleriň biri bolany üçin oňa dürli çäreler bagyşlanýar. Şeýle çäreleriň biri-de Arkadag şäherindäki «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda geçirildi.

«Ykdysady üstünlikler – döwlet dolandyrylyşynyň esasy binýady» atly bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi şäheriň medeniýet, maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri bilen bilelikde gurady.

Çärä gatnaşanlaryň çykyşlarynda türkmen manadynyň ýurduň ykdysady üstünliklerindäki möhüm orny, pul dolanyşygynyň durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly makroykdysady şertleriň emele gelmeginde tutan orny nygtaldy. Bank pudagynyň ösüşinde oňyn dinamikanyň bardygy we ilata hödürlenýän häzirki zaman bank hyzmatlarynyň sanynyň artýandygy-da bellendi.

Çäräniň baýramçylyk dabarasyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten belent derejesini wasp edýän aýdym-saz we wokal kompozisiýalary has-da dabaralandyrdy.