Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda hususy pudagyň wekilleri üçin maslahatlar geçirildi.
Maslahatlar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda geçirildi. Çäreleriň gün tertibinde oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy, üýtgeýän howa şertlerinde işewürligiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly gürrüň edildi.
Çärelere gatnaşanlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we bu töwekgelçilikleri azaltmak üçin oba hojalygynda iş strategiýalaryny uýgunlaşdyrmagyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň ÖM / ZKF taslamasynyň ýolbaşçysy Maýa Aşyrowanyň belleýşi ýaly, hökümetler we hususy kompaniýalar bilelikde işlemek bilen howanyň näbelliligine has durnukly geljegi üpjün edip bilerler.