Ï «Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

view-icon 329
«Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tebigatymyzyň täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işler barada köpçülige maglumat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde «Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige žurnalistler, hünärmenler, fotosuratçylar we döredijilik bilen meşgullanýan islendik ýaşdaky raýatlar gatnaşyp biler. Bäsleşige hödürlenilýän işler many-mazmuna, takyk maglumatlara baý bolup, olarda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň ýylyň dürli möwsümlerine mahsus owadan keşbi, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, şeýle-de heniz mälim bolmadyk ýa-da doly öwrenilmedik täsinlikleri beýan edilmelidir. Bäsleşige makalalar, beýannamalar, ýol ýazgylary we şekilnamalar ýaly žanrlarda, suratlar bolsa şekilli habar görnüşinde görkezilmelidir.

Bäsleşige iberiljek ähli işler üçin umumy şert olaryň ozal hiç ýerde çap edilmedik bolmagydyr. Bäsleşik üçin teklip edilen işler «Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi» bäsleşigine diýen ýazgy bilen «bäsleşik üçin» belligi bilen elektron görnüşinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna Garaşsyzlyk şaýoly 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany salgysyna ýa-da «turkmenistan-gazeti@sanly.tm» elektron salgysyna iberilmelidir. Iberilen işleriň iň gowulary saýlanyp gazetde çap ediler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler gazet redaksiýasyna ugradýan işleri bilen birlikde özüniň telefon belgisini, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeri barada şahsy maglumatlary ibermelidir. Işler 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär, bäsleşigiň netijeleri bolsa dekabr aýynda jemlenýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.