Ï Rejep Rejepowyň döredijilik agşamynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rejep Rejepowyň döredijilik agşamynda

view-icon 1905
Rejep Rejepowyň döredijilik agşamynda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejepowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.

Talyplar, kompozitorlar, wokalçylar, sazandalar we Rejep Rejepowyň eseriniň muşdaklary şol gün agşam ajaýyp aýdym-sazlaryny miras galdyran zehinli kompozitoryň hatyrasyna bu ýere ýygnandylar.

Konsert «Kamerata Aşgabat» orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen Rejep Rejepowyň «Kwintet poemasy» eseri bilen açyldy. Rejep Rejepow aýdym žanrynyň ussadydy. Onuň eserlerini ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylary – Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, Suhan Orazberdiýew, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory ýerine ýetirdi.

Konsertiň dowamynda liriki, romantiki we watançylyk aýdymlary ýaňlandy. Kowus Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowa gezek berdi we konsert meşhur kompozitoryň aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Diňleýjilerde, esasanam, Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýerine ýetiren «Görogly» operasynyň parçalary ýakymly duýgy döretdi.

Konsert «Türkmenistan» atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Tomaşaçylar yzygiderli el çarpyşmalar bilen ýerine ýetirilen eserler we kompozitoryň mirasyna bolan hormaty üçin ýerine ýetirijilere hoşallyk bildirdiler.