Ï Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 1436
Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly telekeçiler Hytaýda geçiriljek ikinji halkara sergisine China International Supply Chain Expo (CISCE) gatnaşmaga çagyrylýar.

Sergi 2024-nji ýylyň 26–30-njy noýabry aralygynda Pekiniň Halkara sergiler merkezinde geçiriler. CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Bu sergi ýurtlara Hytaý bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikler we söwda mümkinçiliklerini alyş-çalyş etmek üçin täze meýdança döreder. Şeýle hem sergi söwda we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirer. 100 müň inedördül metrden gowrak sergi meýdançasynda takmynan 50 dürli iş ugry we üpjünçilik zynjyrynyň esasy bölekleri görkeziler.

Serginiň esasy ugurlary: akylly ulag, ýaşyl oba hojalygy, arassa energetika, sanly tehnologiýalar, sagdyn durmuş ýörelgesi. Şeýle hem «Innowasiýa we üpjünçilik zynjyryny ösdürmek boýunça ählumumy sammiti» we serginiň bäş esasy ugruna bagyşlanan bäş sany tematiki forum geçirmek meýilleşdirilýär.