Ï Aşgabatda Köýtendagyň fotosuratlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Köýtendagyň fotosuratlarynyň sergisi açyldy

view-icon 1660
Aşgabatda Köýtendagyň fotosuratlarynyň sergisi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda «Köýtendag» atly fotosurat sergisi açyldy.

Sergide Köýtendagyň gowaklarynyň suratlary myhmanlary owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Žan-Pýera Gruanyň ýolbaşçylygynda 17 sany köpugurly hünärmenler (Belgiýa, Slowakiýa we 15 fransuz) Köýtendagyň gowaklarynda gözleg, topografiýa we başga-da birnäçe işleri amala aşyrdylar.

Speleontologlar geofiziki gowak, Haşymoýuk we iň uzyn gowak Gapgotan ýaly 10 töweregi gowagy öwrendiler. Gowagyň aýratynlyklary Filipp Kroşe we Anni Gir tarapyndan surata düşürildi. Filip we Anni ençeme ýyl bäri dünýäniň gowaklarynda işleýärler.

Emma Özbegistan bilen serhetdäki Köýtendag sebitlerinde speleonologyň diňe arzuw edip biljek seýrek gözelliklerine duş geldiler. Geofiziki gowak olary ajaýyp ýerasty bezeg bilen garşy aldy: ullakan şemler, inçe iňňeler, ajaýyp güller, açyk şahalar, şeýle hem ullakan içi boş stalagmitler, gyzyl üçekli giň galereýalar, ullakan reňkli çyzgylar.

Sergide ullakan gips düwünleri bilen gyzykly Haşymoýuk gowagynyň birnäçe suraty bar. Fransuz institutynyň ýolbaşçysy Romen Guwerne: «Sergä gelýänler şol bir soragy berýärler: Näme üçin ähli suratlarda gyzyl reňkli eşikde zenan şekili bar?».

Hakykatdan, surata düşürilýän her bir zadyň ölçegini görkezmek  üçin suratlarda çyzgyç ýa-da otluçöp  gutusy ýerleşdirilipdi. Bu suratlarymyzda bolsa bu wezipäni Anni Gir ýerine ýetirýär. Ýeri gelende aýtsak, gowaklar garaňky, şonuň üçin suratlar ýagtylandyryjy bilen  düşürilýär. Gowak bir salym yşyklandyrylýar we ähli ajaýyplygynda peýda bolýar, soň bolsa ýene garaňkylyga çümýär.

Serginiň maksady, geljekde ony goramak üçin tebigy gurşawyň özboluşlylygyny görkezmek, şeýle hem ýurdumyzyň diňe bir daşyndan däl, eýsem, içindenem owadandygy barada köpçülige maglumat bermekden ybarat. «Nadar» galereýasyndaky Köýtendag sergisi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli açyk bolar.