Ï Türkmen topragynyň sahawaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen topragynyň sahawaty

view-icon 1556
Türkmen topragynyň sahawaty

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen sowadyjy ammarlar halkymyzy ýylyň islendik paslynda ýokary hilli ter gök-bakja we miwe önümleri, şeýle hem ýeralma bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli üç müň hem-de bir müň tonnalyk sowadyjy ammarlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Welaýatyň bagbanlarynyň, daýhanlarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde ýylyň ýylyna gök-bakja önümleriniň, dürli görnüşli miweleriň, şeýle hem ýeralmanyň bol hasyly kemala getirilýär. 

Bulardan başga-da Gündogar sebitde dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň birnäçesiniň hereket etmegi ak bazarlarda, söwda dükanlarynda bu önümleri ýylyň islendik paslynda ilata hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýatyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, hususy ulgamynda öndürilýän, ekologik taýdan arassa gök-bakja we miwe önümleriniň, şeýle hem ýeralmanyň artyk bölegi bolsa, sowadyjy ammarlarda saklanylýar. Bu babatda Türkmenabat şäherindäki 3 müň tonnalyk döwrebap sowadyjy ammaryň işgärleriniň tutanýerli zähmetini belläp geçmek bolar. 4 gektar meýdanda ýerleşýän, sowadyjy jaýlaryň 23-sinden ybarat bolan bu kuwwatly döwrebap ammar ýylyň islendik döwründe azyk önümlerini uzak wagtyň dowamynda terligine saklamaga ukyplydyr. 

Bereketli türkmen topragynda kemala getirilen, bu ýere getirilýän önümler ilki bilen arassalanylyp, soňra ammaryň ýöriteleşdirilen jaýlarynda ýerleşdirilýär. Sowadyjy ammaryň azyklyk önümleri ýerleşdirilen jaýlarynda olaryň terligini, tagamlylygyny we ýokumlylygyny saklamak üçin kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen zerur bolan temperatura, çyglylyk we howa çalşygy awtomatiki usulda amala aşyrylýar. Ammarda häzirkizaman enjamlary oturdylan barlaghananyň hereket etmegi bu ýere getirilýän önümleriň hil derejesini, ekologik taýdan arassalygyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu kuwwatly desgada gök-bakja we miwe önümlerini, ýeralmany terligine sowadyjy ammara getirmek, şeýle hem alyjylara we sarp edijilere ýetirmek üçin sowadyjy enjamlar bilen ýöriteleşdirilen bäş, on we ýigrimi tonnalyk awtoulaglaryň hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu awtoulaglar ýokarda görkezilen azyklyk önümleri sarp edilýän bilim, saglyk we beýleki edaralar üçin hem örän amatlydyr. 

Welaýatyň ýaşaýjylaryny ýylyň islendik paslynda terligine gök-bakja we dürli görnüşli miwe önümleri, şeýle hem ýeralma bilen üpjün etmeklige niýetlenen bu kuwwatly sowadyjy ammarda bar bolan önümleri synlanyňda gözleriň dokunyp, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize bolan bimöçber hoşallyk duýgulary kalbyňa dolýar.