2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler.
Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Jeffri Paýett Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary «Tetrotech» we «Deloitte» bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.
Şeýle hem taraplar Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP 29) gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek barada ylalaşdylar.