Türkmenistan bilen «VISA» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 27-nji noýabrda halkara işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň, şeýle hem öňdebaryjy töleg tehnologiýalarynyň we halkara töleg ulgamynyň innowasiýalarynyň ösüşi forumyň gün tertibine girer. «VISA Inc.» Amerikanyň (ýurt daşynda) töleg hyzmatlaryny amal edýän transmilli kompaniýadyr. Ol adybir assosiasiýanyň, ýagny «VISA» atly iň uly halkara töleg ulgamynyň esasydyr. 1994-nji ýyldan bäri «VISA» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda esasy orun Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişlidir. Bu bank «VISA International» halkara töleg ulgamynyň agzasydyr we ähli «VISA» kartlaryna hyzmat edýär, şeýle hem raýatlar we kärhanalar üçin «VISA» kartlaryny açýar.
Döwrebap maliýe edarasy hökmünde «Türkmendaşaryykdysadybank» öz işini öňdebaryjy hyzmat görnüşlerini ornaşdyrmaga gönükdirýär we hyzmatdaşlykda geçen otuz ýylyň dowamynda halkara «VISA» bank kartoçkalaryny ulanmak bilen amala aşyrylýan töleg hyzmatlaryny ep-esli artdyrdy. Şahsy adamlar üçin bank «VISA Electron», «VISA Classic» we «VISA Gold» kartlaryny çykarýar. Bular müşderilere amatly pul hümmeti, dükanlarda, myhmanhanalarda, restoranlarda we dünýäniň beýleki bölek söwda we hyzmat ediş kärhanalarynda töleg etmek, şeýle hem ýerli bankomatlardan nagt pul almak bilen baglanyşykly birnäçe inkär edip bolmajak artykmaçlyklar berýär.
Üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň raýatlary we kärhanalary, şeýle hem daşary ýurt şereketleriniň we diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri üçin täze «VISA» mümkinçiliklerini hödürleýär. Mysal üçin, internet arkaly aragatnaşyksyz tölegler üçin «VISA Classic Syýahat» we «Milli VISA» syýahat mümkinçilikleri syýahatçylar we işewürler üçin täze gözýetimleri açýar. Şeýle hem internet arkaly ygtybarly satyn almak üçin ýörite döredilen täze «VISA Wirtual» bank karty girizildi.
Onuň kömegi bilen onlaýn söwda edip, hyzmat sargyt edip, elektron petekleri satyn alyp we myhmanhanada otag bron edip bolýar. Türkmenistan bilen «VISA» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek işewürlik forumy, şübhesiz, innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan VISA kart eýelerine öňdebaryjy hyzmat görnüşlerini hödürlemek üçin täze mümkinçilikleri açar.