Ï Türkmenistan we Hytaý gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Hytaý gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

view-icon 1536
Türkmenistan we Hytaý gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

Gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen onlaýn duşuşygynyň esasy temasy boldy.

Duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Iş mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada kabul edilen Özara düşünişmek Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşanlar harytlary gümrük serhetlerinden geçirende töwekgelçilikleri ýok etmek we sebitara maglumat alyşmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.