Ï Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

view-icon 2339
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär, döwrebap tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Bu işler pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.

...Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ýörite meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Onda ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler görkezildi.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Bu ýerde orta we inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak bolýar. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir. Däneçilik ugruna degişli bölümde guşgursak türkmen bugdaýynyň naýbaşy görnüşleriniň tohumlary, çörek we çörek önümleri görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmany barha beýgelýär. Hususy pudagyň oba hojalygynda gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty pudaklarynda ýetilen belent sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sergide bakja, miwe, ter gök önümleriniň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri bar.

Ýörite ýasalan özboluşly gowaça we galla meýdanlarynyň ýanynda ekerançylykda ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda daýhanlaryň yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan kuwwatly kombaýnlar, ekinlere ideg etmekde ulanylýan traktorlar, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň kömegi bilen her ýyl bugdaýyň, «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär.

Bu ýerde gazanlar atarylyp, milli tagamlar taýýarlanylýar. Gelin-gyzlaryň tahýa gaýamak, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgullanýan pursatlary janlandyrylypdyr. Şunuň bilen bir hatarda, halkymyzyň milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen göreşi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýerde ussat heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň Diýarymyzyň ekerançylarynyň zähmetine, Watanymyza bagyşlanan eserleriniň sergisi hem guraldy.

Soňra dabaralar baýramçylyk sahnasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilýändigi, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylýandygy bellenilýär. Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, päk ýürekden halal zähmet çekýärler, täze-täze üstünlikleri gazanýarlar.

Gutlagda Garaşsyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigi nygtalýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge ýardam berýär. Türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, içeri we daşary bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Soňra Hasyl toýy mynasybetli, oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünlikleri joşgunly wasp edildi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.