Ï Türkmenistanyň wekili administratiw hukugy boýunça 15-nji halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekili administratiw hukugy boýunça 15-nji halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş etdi

view-icon 1791
Türkmenistanyň wekili  administratiw hukugy boýunça 15-nji halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri «Administratiw hukugy we tejribe: häzirki ýagdaýy we geljekki wezipeler» atly 15-nji halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen bu çäre halkara hünärmenleri, aklawçylary, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hukuk alymlaryny bir ýere jemledi. Iki gün dowam eden duşuşygyň gün tertibine bazar ykdysadyýeti şertlerinde administratiw kanunçylygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp meseleler girdi.

Duşuşykda maksatnama laýyklykda, şu temalarda çykyşlar diňlendi: Merkezi Aziýada administratiw hukuknamalary durmuşa geçirmegiň netijeleri; Administratiw hukugynyň we işiniň ösüş tendensiýalary; Döwlet administratiw we administratiw hukuknamalary sanlylaşdyrmak; Jemgyýetçilik hukugynyň ýuridiki şahslary. Maslahatyň her mejlisinde alymlaryň we hünärmenleriň arasynda gepleşik, administratiw kanunçylygyna we administratiw işine innowasiýa çemeleşmelerini girizmek barada pikir alyşmak guraldy. Maslahatyň dowamynda raýatlara jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermekde sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, administratiw gatnaşyklaryny döwrebap guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Halkara ylmy konferensiýada türkmen wekiliýetiniň agzasy «Türkmenistanda administratiw hukuknamalaryň ornaşdyrylyşy we ösüşiniň ugurlary» mowzugy boýunça çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi tassyklandy we 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizildi. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Elektron hökümet barada» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, bu kanuna laýyklykda, halka hyzmat edýän döwlet edaralarynyň işine sanly tehnologiýalar girizilýär. Türkmenistanda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, şeýle hem kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.