Ï Kitap – dünýäniň açary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitap – dünýäniň açary

view-icon 3097
Kitap – dünýäniň açary

Arkadag şäherinde «Kitap – dünýäniň açary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, ýerli medeniýet we bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Geňeşi gurady. 

Ösüp barýan ýaş nesliň bilim çeşmesi we möhüm terbiýe serişdesi hökmünde kitaba bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen bu çärä Arkadag şäheriniň çagalar baglarynyň çagalary, mekdep okuwçylary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şäherdäki dürli edaralaryň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda hemme taraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, bilimi kämilleşdirmek, ýaşlaryň ukyplaryny we zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn iş barada gürrüň etdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, öwrenmek, täze bilimlere eýe bolmak, bu häzirki döwrüň talabydyr, özi-de bu işde kitabyň orny uludyr.

Kitabyň gymmaty we okamagyň ähmiýeti türkmen halkynyň «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora» ýa-da «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» ýaly nakyllarynda beýan edilendir. Beýleki milli däpler bilen bir hatarda kitaba bolan söýgi, bilime we ylyma bolan ymtylyş türkmen döwletiniň täze eýýamyna mahsus häsiýete öwrüldi. Häzirki wagtda tutuş ýurtda elektron enjamlar bilen üpjün edilen we yzygiderli gorunyň üsti ýetirilip durulýan döwrebap kitaphanalar ulgamy döredildi. Olar adamlara, aýratyn-da ýaşlara täze çykan kitaplar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýärler, üznüksiz bilim almaga we agtaryş işlerine höwese itergi berýärler.

Ylmy-amaly maslahatyň çäginde neşirýat önümleriniň sergisi guraldy we kiçi çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Kim bilmeşek?» oýny oýnaldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi tarapyndan taýýarlanan soraglara dogry jogap beren çagalara tanymal türkmen ýazyjylarynyň eserleri we erteki kitaplary sowgat berildi.