Ï Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan bibliografik gollanma taýýarlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan bibliografik gollanma taýýarlandy

view-icon 1669
Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan bibliografik gollanma taýýarlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinematografiýaçylar, teatr we kino aktýorlary, telewideniýe we radiogepleşikler ýaýlymynyň halypa diktorlary hakynda kitap, žurnal hem-de gazet ýygyndylaryndaky maglumatlary özünde jemleýän «Sungat äleminde» atly bibliografik gollanmalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu gollanmalar okyjylara gyzyklanýan adamy hakynda zerur maglumaty köp wagt sarp etmän tapmaga kömek eder. Olarda meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň durmuşy we döredijilik ýoly, terjimehalyndan gyzykly maglumatlar, kärdeşleriň we şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem tanymal kompozitorlarymyz toparyndan döredilip, bölümiň gaznasynda saklanýan aýdym-saz eserleriniň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy bar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň işgäri Altyn Çaryýewa özüniň düzen «Mikrofon maňa köp zat berdi» atly şular ýaly gollanmalaryň birini görkezdi.

Ol Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Oguljahan Mämikowa diňe bir uzak ýyllaryň dowamynda efirde üstünlikli işlemek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen kinorežissýory Alty Garlyýewiň meşhur kino taslamalaryna hem gatnaşdy. Ol tomaşaçylaryň ýadynda «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň iň gowy filmleriniň biri bolan «Aýgytly ädim» çeper filminde baş gahryman Aýnanyň öweý ejesiniň öwüşginli keşbinde galdy. Altyn Çaryýewa kärdeşlerini düzen gollanmasynyň mazmuny we gurluşy bilen jikme-jik tanyş etdi we bu çärä gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.