Ï Üç rus kompozitorlaryň eserleri bir konsertde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üç rus kompozitorlaryň eserleri bir konsertde

view-icon 97
Üç rus kompozitorlaryň eserleri bir konsertde

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kamera ansambly bölümi tarapyndan Russiýanyň kompozitorlarynyň: Mihail Glinkanyň, Modest Musorgskiýniň we Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi.

Şu ýyl tutuş dünýä medeni jemgyýeti tarapyndan bellenilýän üç şanly sene – Mihail Glinkanyň doglan gününiň 220 ýyllygy, Modest Petrowiç Musorgskiýniň 185 ýyllygy, Nikolaý Andreýewiç Rimskiý-Korsakowyň 180 ýyllygy hut şu kompozitorlaryň saýlanyp alynmalydygyny kesgitledi.

Konsert maksatnamasynda diňleýjilere meşhur kompozitorlaryň iň ilhalar eserleri hödürlendi. Mihail Glinkanyň «Joşgunly üçlük» eseri arkaly watanyna bolan kuwwatly, dabaraly we söýgüli garaýşy beýan edildi. Bu eseri Stella Faramazowa (fortepiano), Baýram Dolyýew (klarnet) we Myrat Annamyradow (agaç tüýdük) dagy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasyna Mihail Glinkanyň lirikasy-da girdi. Begenç Moşyýew Bahar Durdyýewa we Leýli Ökdirowa bilen bilelikde kompozitoryň iki: «Meýlimi oýarma» we «Torgaý» romansyny ýerine ýetirdiler.

Diňleýjiler nusgawy rus sazynyň goruny goýan, ýagny Mihail Glinkanyň bu we beýleki eserlerini uly höwes bilen diňlediler. Mundan soň Merjen Amanowanyň fortepianoda ýerine ýetirmeginde Modest Musorgskiýniň «Sergidäki suratlar» toplumyndan iki sany gyzykly eser ýaňlandy. Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa halk wokal döredijiliginiň öwüşginini berýän «Dumka Parasi» aýdymyny ýerine ýetirdi.

Rimskiý-Korsakowyň «Soltan şa barada erteki» operasyndan «Arynyň uçuşy» atly meşhur parçany Söhbet Ergeşow fleýtada ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Leýli Ökdirowa bu operadan «Guw şazada» ariýasyny ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylar Rimskiý-Korsakowyň skripkadaky «Şährizada» sýuitasynda arap tansyny ajaýyp ýerine ýetiren Aýbölek Muhyýewanyň çykyşyny uzak wagtlap unutmasalar gerek.

Konsert saz sungatynyň dünýä hazynasyna goşant goşan üç kompozitoryň eseri diňleýjilerde ýakymly duýgular döretdi.

Konsertiň topar ýolbaşçysy – Halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Faramazowa.