2024-nji ýylyň 12-nji noýabryndan 21-nji noýabry aralygynda Berlinde halkara medeni taslamalar boýunça ýöriteleşen «Dr. Gabriele Minz GmbH» kompaniýasy tarapyndan ýola goýlan «Geljek häzir – Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz festiwaly geçirilýär.
Çäräniň maksady german jemgyýetçiligini häzirki durmuşy we medeni ýagdaý bilen otuz ýyllyk diplomatik gatnaşygy bolan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrmakdyr. Döredijilik aragatnaşygynyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş sazandalar we kinematografiýaçylar öz halklarynyň medeniýetlerini we däp-dessurlaryny görkezýärler we ýaş nemes medeniýet işgärleri bilen gepleşige girýärler.
Festiwalyň açylyş konsertinde 12-nji noýabrda Berlin filarmoniýasynda alty sany üçlük – Merkezi Aziýanyň her ýurdundan we Germaniýadan biri, tebigatyň milli aýdym-saz däplerinde şöhlelenmegi we tebigatyň käbir elementleri bilen ylhamlanan eserleri hödürlendi. Türkmenistandan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary S.Atanyýazow, K.Bäşimow we A.Babagulyýew dagy çykyş edip, kirişli we kemençeli saz gurallarynda «Türkmenistanyň tebigaty» sazyny ýerine ýetirdiler. Konserti guranlar bu ýaş sazandalaryň her birini tanyşdyranda, olaryň milli we halkara kamera sazlarynyň ýaryşlarynyň ýeňijileridigini bellediler.
«Geljek häzir – Merkezi Aziýa» festiwalynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş kinoçylar tarapyndan dürli žanrlarda döredilen bäş sany film görkezmek meýilleşdirilýär. Režissýor Arslan Eýeberdiýewiň tomaşaçylary beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň şahyrana we ruhy dünýäsine alyp gidýän «Istärin» çeper filminiň görkezilişi 14-nji noýabrda bolar.