Ï Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti

view-icon 97
Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. 

Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara ynsanperwer başlangyçlaryny işjeňleşdirýän ýurdumyzyň durmuşa geçirýän tagallalarynyň we ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

...Şu gün Nowruz ýaýlasynda giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. 

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary bar. 

Bellenilişi ýaly, Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOY) bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň hem-de «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň we beýleki möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen bir hatarda, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. 

TÜRKSOY-yň Baş sekretary Sultan Raýew 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň çäklerinde guralan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belledi hem-de munuň üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler. 

Soňra giň gerimli baýramçylyk konserti geçirildi. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. 

Konsert maksatnamasy türki halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän halk we döwrebap aýdym-sazlaryndan ybarat boldy. 

Türkmen sungatynyň baý döredijilik kuwwatyny şöhlelendirýän çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, adamzat gymmatlyklary wasp edildi. 

Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. 

Şeýle hem konsertiň dowamynda türk, özbek, gyrgyz, gazak halk tans toparlarynyň we aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. 

Sungat ussatlary aýdym-sazyň bitewiligi arkaly diňleýjilere milli ruhy we hoşniýetliligi, halklaryň ebedi dostlugyny ýetirdiler.

Konsert türkmen sungatynyň we türki döwletleriň halklarynyň baý mümkinçiliklerini açyp görkezýän žanrlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-yň ýörite kubogy, şeýle hem «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy. 

Konsertde gadymy döwürlerden häzirki günümize gelip ýeten «KÜŞTDEPDI» tansy ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp we şowhunly çykyş dogan halklaryň kökleriniň gadymylygyny hem-de döredijilik agzybirliginiň güýjüni görkezdi.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» aýdymy dabaranyň özboluşly jemlemesine öwrüldi. 

Şu günki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw-hemaýatlary netijesinde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikler we şertler döredilýändigi bellenilýär.