Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi.
Onda Türkmenistanyň 2007–2023-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşini we ýurtda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň netijeliligini giňişleýin görkezýän statistik maglumatlar jemlenipdir. Ýygyndyda ilatyň demografik görkezijilerini, onuň iş bilen meşgullygyny, durmuş we ýaşaýyş derejesini, şeýle hem milli hasaplary, maliýe, maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlar bar. Käbir görkezijiler öň neşir edilen maglumatlar bilen deňeşdirilip, has takyklanypdyr. Aýry-aýry görkezijiler boýunça usuly düşündirişleri hem berilýär.
Ýyl kitabynyň adaty bölümlerinde senagata, oba hojalygyna, ulag we aragatnaşyga, söwda we hyzmatlara, syýahatçylyga, şeýle hem durmuşy pudaga, öý hojalygynyň girdejileri we çykdajylaryna, bilimiň, ylymyň, medeniýetiň, saglygy goraýşyň ösüşine, ýaşaýyş jaý we durmuş hyzmatlaryna degişli maglumatlar bar. Kärhanalaryň we edaralaryň umumy beýany berilýär, telekeçiligiň ösdürilişi, döwlet emläginiň hususylaşdyrylyşy we kärendesine berlişi barada maglumatlar getirilýär. Täze ýyl kitabynda innowasiýa işi we maglumat tehnologiýasy barada-da maglumatlar bar.
Täze we takyklaşdyrylan statistik maglumatlaryň çap edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiň we durmuşyň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerine baha bermek we mundan soňky ösüş üçin geljegi uly ugurlary meýilleşdirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Statistik ýygyndylar öz işlerinde alymlar, mugallymlar we beýleki hünärmenler tarapyndan giňden ulanylýar. Işini beýleki ministrlikler, pudaklaýyn müdirlikler, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetler we öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýurduň jemgyýetçilik guramalary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti statistik hasabatlary we statistik maglumatlary seljermek, jemlemek, sanly enjamlary we tehnologiýalary statistik gulluklaryň işine ornaşdyrmak arkaly döwlet statistika hasabatlaryny ýygnamagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirmäge çalyşýar.