Hünäri we hususy telekommunikasiýa çözgütleri babatynda ykrar edilen öňdebaryjy «Hytera» kompaniýasy «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisinde önümlerini görkezdi. Sanly tehnologiýalar sergisi hünäri radioaragatnaşyklary we dürli esbaplary öz içine alýardy.
«Hytera»-nyň Gyrgyzystandan gelen wekili Daniýar Taşkunow önümleriň ýokary hiline we ygtybarlylygyna ünsi çekmek bilen, radiobeketleriň tozana we çyga çydamly daşynyň bardygyny, şeýle hem aşa agyr şertlerde-de işläp bilýändigini aýtdy.
Mysal üçin suw geçirmeýän radio enjamy dört metre çenli çuňlukda signal almaga we suw astynda iki sagatlap işlemäge ukyplydyr. Bu enjamlar AES-256 sanlylaşdyrma ülňüleri netijesinde howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen, döwlet pudagynda, esasanam, hem howpsuzlyk düzümlerinde giňden ulanylýar.
«Hytera» kompaniýasy ygtybarly hyzmatdaş, ýagny «Awtomatizasiýa tehnologiýa merkezi H.J.» kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly türkmen bazaryna girmäge-de gyzyklanma bildirýär. Sergä gatnaşmak Türkmenistanda kompaniýanyň işini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.