Ï «Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň ilkinji konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň ilkinji konserti boldy

view-icon 119
«Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň ilkinji konserti boldy
camera-icon
Ahmet Taňrygulyýew

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 160 sazandanyň gatnaşmagynda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň «Parahatçylyk owazy» at bilen Türkmenistanyň birleşen orkestri ilkinji gezek döredildi.

Bu ajaýyp aýdym-saz toparynyň tanyşdyrylyşy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Şeýle adatdan daşary waka häzirki zaman aýdym-saz söýüjileriniň we ilkinji nobatda şol agşam Mukamlar köşgüniň zalyna ýygnanan sazandalaryň ünsüni özüne çekdi.

«Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» – ýaş kompozitor Döwletmämmet Ökdirowyň sazyna döredilen bu watançylyk aýdymy, «Parahatçylyk owazy» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň konsertini açdy. Bu aýdymy konserwatoriýanyň hory we orkestri bilen bilelikde talyplar Kadyr Esenow, Baýramtäç Gandymowa, Atajan Hemraýew we Güljemal Taýlyýewa ýerine ýetirdiler we konserwatoriýanyň talyby Kowus Bäşimow dirižýorlyk etdi.

Watançylyk äheňleri bilen başlanan konsert iki eser – Aman Agajykowyň «Oguzlar» hem-de Magtymgulynyň goşgularyna döredilen «Armanym galdy» eserleri bilen dowam etdirildi, bu hem diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy. Dirižýoryň taýajygy Kowusdan konserwatoriýanyň mugallymy Gurbanberdi Begenjowyň eline geçýär. Soňra «Parahatçylyk owazy» orkestriniň adyna laýyklykda, konsertde daşary ýurtlaryň meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy.

Orkestr Klaus Badeltiň «Karib deňziniň garakçylary» kinofilmine ýazan sazy we Wissarion Şebaliniň «Gyş ýoly», Astor Piassollanyň «Libertango», Aram Haçaturianyň «Gylyçly tansy», Danil Braslawskiniň «Şadyýan orkestr» sazlary ýerine ýetirildi. «Regtime» jaz we «Perwaz» kwintet toparlarynyň çykyşlary konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy.

Mämmet Nuryýewiň ýerine ýetiren «Baga seýle» türkmen halk aýdymy zalda biragyzdan el çarpyşmalara sebäp boldy. Konsert horuň, orkestriň we dört solistiň ýerine ýetiren «Bitaraplyk aýdymy» atly aýdym bilen tamamlandy. Tomaşaçylar birleşen orkestriň sazandalaryny, şeýle hem konsertde çykyş eden aýdymçylary yzygiderli el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Dirižýor Gurbanberdi Begenjow:

– Meniň pikirimçe, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň «Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň geljegi gowy. Bu konsert biziň ilkinji we üstünlikli tejribämiz boldy – diýdi.