Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şonuň bilen birlikde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolýan önümleri öndürmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Berkarar Diýarymyzda içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply ýokary hil derejesindäki harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça önjeýli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ilatyň gündelik sarp edýän harytlary bilen birlikde milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän milli mirasymyza degişli önümleri öndürmek boýunça hem tutumly işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda hereket edýän döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen birlikde hususy ulgamyň hem agramynyň barha artmagy, halyçylyk bilen meşgullanýan hususyýetçileriň barha köpelmegi bu meşhur sungatyň mertebesini has-da ýokary göterýär.
Ynha, halyçylyk sungatyny öz ykbalynyň bir bölegine öwren Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy ussat halyçy, gaýratly telekeçi Gülälek Umarowa hem şeýle telekeçileriň biridir. Bu ugurda onuň maşgalasy bilen alyp barýan işleri döwrümiziň ösen talaby bilen utgaşyp gidýär. Halyçy gelniň öz ýanýoldaşy Maksat Rozymyradow bilen bilelikde 2013-nji ýylda ýüpek we ýüň halylary öndürýän önümçiligi ýola goýmaklygy, onuň üçin irginsiz zähmetiň sarp edilmegi, şonuň netijesinde bu önümçiligiň işleriniň barha rowaçlanmagy halkymyzda «Yhlasa – myrat» diýlen pähiminiň çuňňur manysy bilen sazlaşýar. Bir kärhana zehinli halyçy zenanlaryň saýlanylyp alynmagy, olaryň haly dokamaklyk üçin zerur bolan enjamlar bilen, şeýle hem ýüpek we ýüň bilen üpjün edilmegi, halyçylaryň ukyplaryna laýyklykda işleriň bölünmegi işiň gidişine yzygiderli gözegçilik edilmegi we degerli maslahatlaryň berilmegi öz oňyn netijelerini berdi.
Halyçy zenanlaryň şertnama esasynda haly dokamaklygy öz öýlerinde alyp barmaklary, öndürijiligiň ýokary bolmagyny üpjün etdi. Häzirki wagtda şertnama esasynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň sanynyň 250-ä golaýlamagy dokalýan halylaryň möçberiniň artmagyna hem getirdi. Halyçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde her aýda 500-den bir müň inedördül metre çenli dürli ölçegdäki haly we haly önümleriniň dokalmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Hususy kärhanada haly we haly önümleriniň 100-den gowrak görnüşiniň öndürilmegi hem irginsiz gözlegleriň netijesidir. Şeýle hem kärhanada halylaryň müşderileriň sargytlary hem-de edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda dokalmagy-da bellenilmäge mynasypdyr.
Işleri barha rowaçlanýan bu kärhanada taýýar önümleri ýerlemeklige-de aýratyn yhlas edilýär. Has takygy, bu ýerde dokalýan ýokary hil derejesindäki halylar kärhananyň Lebap welaýat söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän söwda dükanynda hem-de ak bazarlarda ilata hödürlenýär. Ussat halyçylaryň elinden çykan ýüpek halylaryň goňşy Özbegistan döwletine eksport edilmegi-de kärhananyň geriminiň barha giňelýändiginiň subutnamasydyr. Yhlasly zähmetiň ygtybarly ýoly bilen täze rowaçlyklara barýan bu hususy kärhananyň zähmetsöýer halyçylary milli mirasymyza goýýan belent sarpasy, zähmet çekmeklige döredip berýän oňaýly şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.