Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň, iň gowy talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, döredijilik toparlarynyň agzalarynyň, habarçylaryň, dürli ministrlikleriňdir pudaklaýyn edaralaryň ýaş hünärmenleriniň 135-si Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasyna ýygnandylar.
Ozal yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde olara «Magtymguly» kitaplary, gymmatly sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy.
Dabarada «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň jogapkär kätibi Gurban Myradowyň üstünligi aýratyn bellendi. Bu neşir içerki we daşarky ýaşlar syýasatyny işjeň beýan edýär, wajyp makalalary çap etmek bilen döwlet syýasatyny we ýurduň ösüşine gönükdirilen möhüm özgertmeleri ilerletmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri Daýanç Annadurdyýew hem sanly ulgamlaryň diwersifikasiýasy arkaly milli ykdysadyýetiň ösmegine möhüm goşant goşdy. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen hyzmatdaşlykda bilim we ylmy işlerinde häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Döwran Myradow medeni çäreleri guramak boýunça bilermen bolmak bilen, ýurduň bähbidi üçin döwlet edaralarynda wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barýar. Onuň tagallalaryna we işine bäsleşigiň guramaçylary mynasyp baha berdiler.
Baýrak gowşurylyş dabarasynyň ahyrynda baýraklara mynasyp bolanlar we çärä gatnaşyjylar bäsleşigiň guramaçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.