Ï Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

view-icon 342
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, bähbitleriň umumylygyna daýanýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Şu gezekki forumyň we serginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama wajyp orun degişli. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, oba hojalygy pudaklarynda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär. Munuň özi iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary esasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň dowamynda gazanylýan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

...Foruma gatnaşyjylar Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisi bilen hem tanyşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda iki goňşy ýurt durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Sergide Özbegistanyň iri döwlet düzümleriniň we hususy kompaniýalarynyň öndürýän önümleri görkezildi. Munuň özi özbek haryt öndürijileriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Sergi meýdançasynda dag-magdan, metallurgiýa, nebitgaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Goňşy ýurduň haryt öndürijileriniň sergisi türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, kompaniýalar, maýadarlar bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen we özbek işewürleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça işjeň tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunda häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy gorlarynyň, bar bolan ägirt uly ykdysady, eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Soňra forumyň işi «tegelek stol» maslahatlary bilen dowam etdi. «Söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek: amatly şertleri döretmek we telekeçiligi goldamak» atly maslahatda nygtalyşy ýaly, Özbegistan Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Söwda ulgamy bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk, dokma, derman senagaty pudaklary işjeň hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwata eýe bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

«Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk: medeniýet we ynsanperwerlik ugrunda tejribe alyşmak, ylym we bilim ugrunda hyzmatdaşlyk, syýahatçylyk pudagyny ösdürmekdäki mümkinçilikler» atly maslahatda bu ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan türkmen hem özbek halklarynyň ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti hem guraldy.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy we özbek harytlarynyň milli sergisi öz işini dowam edýär.