Ï ÝHHG merkezinde gender deňligi boýunça täze iş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG merkezinde gender deňligi boýunça täze iş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2378
ÝHHG merkezinde gender deňligi boýunça täze iş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu ýylyň 18-19-njy noýabrynda Aşgabatda gender we maşgala deňsizliginiň öňüni almak hem oňa garşy göreşmek boýunça maslahat geçirildi. ÝHHG merkezi tarapyndan guralan bu çärä Mejlisiň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň maksady milli hünärmenleriň gender deňsizliginiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça tejribesini artdyrmak boldy. Gender meseleleri boýunça şwesiýaly bilermen Malin Palm tarapyndan geçirilen gender we maşgala deňsizliginiň öňüni almak hem oňa garşy göreş zerurlyklarynyň netijelerine berlen bahalar boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Baha bermek işi Norwegiýa we ABŞ hökümetleriniň goldawy bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän «Gender deňsizligiň, şol sanda maşgala deňsizligiň öňüni almak we oňa garşy göreşmekligiň mehanizmlerini güýçlendirmek» taslamasynyň ikinji bölüminiň çäginde amala aşyryldy.

Taslamanyň birinji bölümi Merkeziň maşgaladaky deňsizlige garşy göreşmek boýunça uzak möhletleýin taslamasyna garaşsyz baha bermekden ybarat boldy. Hünärmen, zerurlyklara baha berlişiniň netijelerine esaslanyp, ÝHHG we beýleki gyzyklanýan taraplaryň geljek üç-bäş ýylyň dowamynda gender we maşgala deňsizliginiň öňüni almak hem oňa garşy göreş tagallalaryny güýçlendirmegi we has netijeli işlemegi barada mümkin bolan teklipleri kesgitli etdi.

Maslahatyň barşynda gender deňsizligiň çäginde üýtgeme nazaryýeti derňeldi we işiň täze ugurlary, şol sanda internetde amala aşyrylýan deňsizlige jogap bermek hem maşgalada zorluk edenler üçin özüňi alyp barşyň üýtgeýiş maksatnamalary öwrenildi.