Ï Balkanabat şäherindäki «Giňdere» kärhanasynda önüm bolçulygy döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabat şäherindäki «Giňdere» kärhanasynda önüm bolçulygy döredilýär

view-icon 1996
Balkanabat şäherindäki «Giňdere» kärhanasynda önüm bolçulygy döredilýär

Eziz Diýarymyzyň çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň orny barha ýokarlanmak bilen ýerlerde bäsleşige ukyply dürli önümleriň öndürilişi has-da artýar. Bu bolsa berkarar döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylýan guwandyryjy ösüşleri, ýetilýän belent sepgitleri şertlendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt derejesinde döredip berlen şeýle döwrebap şertlerden, hemaýat-goldawlardan ruhlanan önümçilik düzümleriniň biri-de Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Giňdere» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana indi sekiz ýyl bäri içerki we daşarky sarp edijileriň arasynda uly abraýdan peýdalanyp gelýär. Häzirki wagtda kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri uly üstünliklere, täze rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň möçberli işleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola kämilleşdirip, sarp edijileriň haryt nyşanly önümlere bolan isleglerini yzygiderli kanagatlandyryp durýarlar. 

Kärhananyň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda Diýarymyzyň çar künjeginde gurulýan dürli binalaryň gurluşygynda ulanylýan, suw we çyg geçirmezlik üçin basyrylýan goraýjy örtük, izogam öndürilýär. Onuň ýyllyk taslama kuwwatlylygy dünýäniň kämil hil ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 1 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenendir. Has takygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ösen tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen önümhanada bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümler öndürilýär.

Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, geçginli, islegli önümleri taýýarlamakda polimer we polipropilen önümlerinden ybarat bolan dokalmadyk matalar we alýumin gatlaklary hem-de bitum ulanylýar. Önümiň bu görnüşi ýerasty, ýerüsti gurluşyk işleriniň ömrüni uzaltmakda, suwdan, çygdan goramakda ählitaraplaýyn ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de gürrüňi edilýän hususy kärhana eksport ugurly önümleriň möçberini köpeldip, ýerli çig mallaryň esasynda olaryň görnüşlerini hasam artdyrýar. Öňde baryjy kärhanada önüm öndürmek üçin zerurlyk edýän çig mal serişdeleri bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle-de welaýatyň hususy önüm öndürijilerinden alynýar. Şeýlelikde, haryt nyşany bilen öndürilýän önümler diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem Gazagystan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletlere hem satuwa ugradylýar.