Ï Gollandiýanyň gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekiliýeti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gollandiýanyň gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekiliýeti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi

view-icon 148
Gollandiýanyň gämi gurluşyk kompaniýasynyň  wekiliýeti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi

Gollandiýanyň «Damen Shipyards» kompaniýasynyň jenap Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 19-njy noýabrynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi.

Zawodyň edara binasynda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» deňiz we derýa ulag gullugynyň, «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň we «Damen» gämi abatlaýyş kompaniýasynyň wekilleriniň iş duşuşygy bolup geçdi. Taraplar derýada gum sorujy desganyň önümçiligine ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Damen Shipyards Group» onlarça gämi gurluşyk we abatlaýyş ussahanasyny dolandyrýan we 100-den gowrak ýurtdan müşderiler bilen hyzmatdaşlyk edýän Ýewropanyň iň uly gämi gurluşyk toparydyr. Bu kompaniýa  gum sorujy desgalar we çuňlaşdyrma pudagy üçin iş gämileri, tirkegler, harby-deňiz we barlag gämileri, ýokary tizlikli gämiler, ýük gämileri, döwlet düzgünine degişli däl senagat paromlary, düýbi ýasy gämiler we uly ýeňil gämiler ýaly köp sanly önüm hödürleýär. Gäminiň ähli görnüşleri üçin diýen ýaly tehniki hyzmat, ätiýaçlyk şaýlary, gämi gurluşyk tejribesini öwretmek we geçirmek ýaly hyzmatlaryň giň topary-da hödürlenýär.

Maksatnamanyň iş böleginden soň myhmanlar gezelenç üçin zawoda ugradylar we iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 25-nji oktýabrynda bolup geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygynyň başlanmagynyň milli senagatyň täze pudagyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny nygtady. Ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Habar berlişi ýaly, gury ýük gämileriniň çaltlaşdyrylan gurluşygyna esaslanyp, bu ugurdan ýerli hünärmenler taýýarlandy we zawodda öňdebaryjy tehnologiýalar hem awtomatlaşdyrylan ulgam ornaşdyryldy. Zawodyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyryp durmaly we täze enjamlary öndürmeli. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyz bu döwrebap kärhananyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek üçin hödürlenen teklipleri tassyklady.