Türkmenabat şäherinde glisirlenen kislota öndürýän häzirki zaman zawody işläp başlady. «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümindäki we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli täze kärhana arassa görnüşli glisirlenen kislota öndürýär. Önüme içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Türkmen buýanynyň kökünden alynýan tebigy önümde glisirlenen kislota köpdür. Bu madda köp peýdaly häsiýetlere eýedir we lukmançylyk, derman we kosmetika pudaklarynda möhüm orun tutýar.
Hususan-da, glisirlenen kislota gerpes, Warisella-Zoster we sitomegalowirus ýaly dürli wiruslara garşy netijeli serişdedir. Mundan başga-da, ol sowuklama garşy , immunomodulýator we gepaprotektiki häsiýetli serişde bolup, bagyr we allergic keselleri bejermekde netijelidir.
Zawod ýylda 4500 tonna buýany gaýtadan işläp, ondan takmynan 390 tonna arassalanmadyk glisirlenen kislota alynýar. Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda – çig maly taýýarlamakdan başlap, taýýar önümler alynýança onuň hiline aýratyn üns berilýär.
Zawodyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bakteriologiýa we mikrobiologiýa barlaghanasy çig maly synaglardan geçirýär we olaryň häsiýetlerine gözegçilik edýär, bu bolsa taýýar önümiň mukdaryny we tozdaky glisirlenen kislotasynyň düzümini çaklamaga mümkinçilik berýär.
Önümçilik birnäçe tapgyrdan ybarat. Kök owradyjy sehe getirilýär, soň bolsa hersi 200 kilogram ekstrakt öndürýän 54 ekstraktorly ekstraksion enjama ugradylýar. Soňra ekstrakt guradylýar, toz edilýär we çyglylyga durnukly 25 kilogramlyk haltalara gaplanýar. Haltalardaky «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy önümiň ekologiýa taýdan arassalygyny kepillendirýär.
Türkmenabatda glisirlenen kislota öndürýän täze zawodyň işe girizilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we lukmançylyk hyzmatyny gowulandyrmaga ýardam edýän möhüm ädim boldy. Bu bolsa, öz gezeginde, ilatyň durmuşyna oňyn täsir edýär.