Ï Sahnada Antonio Flintiň üçlügi we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada Antonio Flintiň üçlügi we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary

view-icon 2095
Sahnada Antonio Flintiň üçlügi we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýadan jaz üçlüginiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň konserti geçirildi.

Italiýaly sazandalar Antonio Flinta (fortepiano), Roberto Buçi (kontrabas) we Klaudio Joannini (kakylyp çalynýan saz guraly) Aşgabadyň ýaşaýjylaryny şowhunly Amerikan jazyndan improwizasiýa bilen tapawutlanýan Ýewropa jazy bilen tanyşdyrdy. Sahnada dört jaz kompozisiýasy ýerine ýetirildi, olaryň biri Antonio Flint tarapyndan döredilendir.

Tomaşaçylar italýan üçlüginiň çykyşyny gyzyklanma bilen kabul etdiler. Olaryň ýerine ýetiriş ukyplaryna mahsus bolan ýeňillik, sazandalaryň uly ussatlygyna şaýatlyk edýär. Soňra konsert italýan we türkmen sazandalarynyň bilelikdäki çykyşy bilen dowam etdi. Tomaşaçylar üçin Aman Agajykowyň «Aýly agşam» we «Keçpelek» kinofilminden Nury Halmämmedowyň «Duran ýerlere» aýdymlary ýaňlandy.

Konserte gatnaşyjylar olar üçin jaz sazyny ýerine ýetirdiler. Nazar Garaýewyň we Ýusup Ataýewyň ajaýyp wokal çykyşy tomaşaçylary özüne çekdi. Antonio Flintiň üçlüginiň konserti diňleýjilere-de, ýerine ýetirijilere-de uly lezzet paýlady.