Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 133
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, olary möwsüme doly taýýar etmek üçin degişli çäreler görülýär. Welaýatda döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem häkim sebitde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda pagta hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak, daş-töweregini arassalamak işleri geçirilýär. Geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça işler talabalaýyk alnyp barylýar. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaçadan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak çäreleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Geljek ýyl işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýar etmek maksady bilen, abatlaýyş işlerine, häzirki wagtda tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerine girişildi. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde pagta ýygýan kombaýnlardan netijeli peýdalanylýar. Ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Sebitde geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýola goýuldy. Pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar hem öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri sürmek hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak, bejermek işlerine girişildi. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagynyň, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak meselesine-de ünsi çekip, gowaça ekiljek ýerlerde degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, daýhan birleşiklerinde pagta öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarda we gurallarda abatlaýyş işlerini talabalaýyk ýola goýmagy, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.