Ï Türkmenistan Durnukly ösüşiň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi boýunça işleri kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly ösüşiň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi boýunça işleri kämilleşdirýär

view-icon 91
Türkmenistan Durnukly ösüşiň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi boýunça işleri kämilleşdirýär

Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek pudagynda tejribe alyşmak üçin Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda boldy.

Daşary ýurtly hünärmenler esasy milli hyzmatdaşlary bilen Durnukly ösüşi döwlet tarapyndan netijeli maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýerlerine baryp gördüler.

Içerki döwlet maliýeleşdirmesini jemlemek Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin möhümdir. Bu işde az möçberde maliýeleşdirme banklaryndan, poçta we kooperatiw banklardan, şeýle hem ösüş banklaryndan başlap, adaty bank ulgamyna çenli maliýe edaralarynyň köpüsine käbir wezipeler düşýär.

Şol bir wagtyň özünde amatly şertleri döretmegiň ähmiýeti-de örän uludyr. Degişli ýurtlaryň içindäki syýasy, hukuk, kadalaşdyryjy we edara şertleri berkitmek hökümetleriň hususy maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin ulanýan täsirli usulydyr.

Halkara döwlet maliýeleşdirmesi, şol sanda kömek üçin maliýeleşdirme, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly maliýeleşdirme we goldawyň beýleki görnüşleri bilen baglanyşykly maliýeleşdirme mundan soňam Durnukly ösüşi maliýeleşdirmekde esasy ähmiýete eýe bolar.